Bilezik

Berdinazar Hudaýnazarow

Haýsy zergär ony haçan ýasapdyr?
Gysypdyr ol näçe näzik gollary?
Enelerden miras galan bilezik,
 Ýatladyp dur ötüp giden ýyllary.

Agram salyp Dursun ejäň eline,
Lowurdap dur, ine, tylla bilezik…
 Ýasalypdyň bezeg üçin, toý üçin,
Öwrülmeli bolduň güllä, bilezik.

 Ylaýym, ganymlaň garagyn gapsyn,
Köz dek öwşün atyp duran gaşlaryň.
Çeňňek bolsun duşmanlaryň damagna,
Golumda yz goýan çapraz dişleriň.

Sakladym sandykda mahmala dolap,
Mahal-mahal alyp, ýüzüme syldym.
Iň agyr günümde, garyp günümde
Satmadym men seni, satjagam däldim.

Gyzyma niýetläp ýördüm göwnümde,
Bähbit bolsun, şaý-sep tapylar ýene…
Şeýdip, bilezigi öz eli bilen
Frontuň haýryna tabşyrdy ene.

Şondan soň düýşüne girdi kän gezek,
Mahmala dolangy tylla bilezik.
…Ýasalypdy bezeg üçin, toý üçin,
Öwrülmeli boldy güllä bilezik.

Berdinazar Hudaýnazarow